Türkmenistanda zergärleriň sergi-bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda zergärleriň sergi-bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň sergi zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Gözbaşy gadymdan gelýän gözellik ady bilen şaý-sepleriň sergi-bäsleşigi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinden zergärleriň 65-si gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşýanlaryň ýaşyna, bilimine we işleýän döwrüne parh goýulmaýardy. Esasy zat teklip edilen işleriň ýokary çeperçiligidi.

Bu çäräniň sungatyň beýleki görnüşlerinden aýrylykda geçirilen ilkinji sergi-bäsleşikdigini bellemek gerek. Çäräniň guramaçylary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy onuň türkmen zergärleriniň iň gowy işleriniň sergilerini her ýyl geçirmek üçin başlangyç bolmagyny göz öňünde tutýarlar.

Bäsleşik milli zenan şaý-sepleri, at bezegleri, dürli görnüşli häzirki zaman şaý-sepleri ugurlarda geçirildi. Sergide goýlan eksponatlar şeýle bir gözeldi welin, adaty adama olaryň saýrysyny saýgarmak mümkin däldi. Şaý-sepleriň hersi belgilenendi, bu hem olaryň kimiňkidigini gizlin saklamaga we emin agzalaryna adalatly netijä gelmäge mümkinçilik berýärdi.

Birinji ugurda Çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Aýjemal Çaryýewa, ikinji ugurda Möwlamberdi Annaýew, üçünjide Mary welaýatyndan gelen zergär Atamyrat Hommadow birinji orna mynasyp boldular. Ikinji we üçünji orny eýelänlere diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýeňijilere sylaglar gowşurylandan soňra Gözbaşy gadymdan gelýän gözellik at bilen döredijik maslahaty geçirildi - diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Asyryň süýji miwesi
Nowruzym — gadymy Oguz baýramy
Halaçda tegelek haly dokalýar
Aşgabatdaky kärhanada ýanwar aýynda 120 inedördül metr haly dokaldy
Küştdepdi — halklary birleşdirýän tans
TÜRKSOÝ-nyň agza ýurtlarynyň aýdymçylary we tansçylary onlaýn görnüşde küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler