Türkmenistanly agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew IWF-niň Gran-prisinde kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Gaýgysyz Töräýew IWF-niň Gran-prisinde kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenistanly türgen Gaýgysyz Töräýew Gawanada geçirilýän, Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna girýän halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy.

19 ýaşly türgen bu üstünligi 81 kilograma çenli agram derejesindäki bäsdeşleriniň arasynda gazandy. Ol ştangany galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 319 kilogram agyrlygy eýgerdi (144+175 kg.).

Bu agram derejesinde indoneziýaly Abdulla Erwin 358 kilogramlyk netije bilen altyn medalyň eýesi boldy. Bürünç medala bolsa Samuel Guertin mynasyp boldy. Ol 313 kilogramlyk agramy eýgerdi.

Bu ýaryşa Türkmenistandan üç türgen gatnaşýar. Şol sanda, olaryň biri Olimpiýa oýunlary ― 2020-niň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewadyr.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň Gawana şäherindäki Gran-pri ýaryşy 18-nji iýunda tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Polina Gurýewa Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryna girýän halkara ýaryşa gatnaşýar
Wengriýanyň premýer-ministri Aşgabada geldi, Türkmenistan we Päkistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrar, Türkmen wekiliýeti Kazandaky Geljegi şekillendirmek forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar
Türkmen agyr atletikaçy Dohada bürünç medal gazandy
Awazada halkara festiwal badalga aldy, Türkmenaragatnaşyk hünär ussatlygy boýunça bäsleşigiň jemini jemledi, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistan bilen duşuşar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň ýygyndysynyň agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy