Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikadaky dünýä çempionatynda ilkinji dokuzlyga girdi

Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikadaky dünýä çempionatynda ilkinji dokuzlyga girdi

16 ýaşly agyr atletikaçy Gülälek Kakamyradowa Meksikanyň Leon şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Bu derejede başga bir ildeşimiziň ― Medine Amanowanyň kiçi bürünç medala mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Gülälek Kakamyradowa hem 14 türgeniň arasynda 9-njy orny eýelemegi başardy. Ol ştangany galdyrmagyň ilkinji görnüşinde 74, ikinji görnüşinde 91 kilogram agyrlygy eýgerip, çykyşyny 165 kilogramlyk netije bilen tamamlady.

Şunda onuň sekizinji orny eýelän italiýaly türgen Greta De Risodan bary-ýogy 1 kilogram yza galyp, onunjy ornuň eýesinden ― polşaly Zuzanna Maria Slipekden 4 kilogram öňe saýlanandygyny aýtmak gerek.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndylary dünýä çempionatyna gatnaşar
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Gaýgysyz Töräýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çemionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Durres şäherinde (Albaniýa) geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşýän Gülälek Kakamyradowanyň çykyşy tamamlandy.
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar
AGYR ATLETIKA: AZIÝA ÇEMPIONATYNDAN 25 MEDAL