Türkmenistanly agyr atletikaçy Pariž Olimpiadasyna ýollanma gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Pariž Olimpiadasyna ýollanma gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew Parižde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma aldy. Muňa onuň şu günler Taýlandyň Phuket şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda 102 kilograma çenli agram derejesindäki üstünlikli çykyşy sebäp boldy.

Agyrlygy galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 392 kilogramlyk netije görkezen türkmen türgeni öz agram derejesindäki iň güýçli agyr atletikaçylaryň ilkinji bäşligine girdi. Ştangany silterläp galdyrmakda 187 kilogram agyrlygy eýgeren Dawranbek bu netijesi bilen kiçi altyn medala mynasyp boldy. Agyrlygy itekläp galdyrmakda bolsa ol 205 kilogramlyk sepgide ýetip bildi.

Şahsy rekordyny 19 kilogram artdyrmagy başaran türgen Turkmenportalyň habarçysyna beren interwýusynda indi yhlas bilen Pariž Olimpiadasyna taýýarlanjakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Kaan Kahriman Altyn Medal Aldy
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hasabynda 62 medal bar.
18.09.2017 | Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 altyn, 21 kümüş we 12 bürünç
20.09.2017 | Milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53—altyn, 37 kümüş, 37—bürünç medal bar