Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatlarynda "uly" we "kiçi" medallaryň näçesini gazandylar?

Türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatlarynda "uly" we "kiçi" medallaryň näçesini gazandylar?

Dünýä çempionaty ― 2021-iň ilkinji üç gününden soň, türkmenistanly agyr atletikaçylaryň bu ýaryşyň taryhynda gazanan kiçi we uly medallarynyň jemi sany 14-e ýetdi. Şolaryň dördüsi altyn, altysy kümüş, galan dördüsi hem bürünç medallardyr. Bu netije bilen Türkmenistan, dünýä döwletleriň sanawynda 44-nji orny eýeleýär. Bu barada "SportMedia" habar berýär.

Şu gezekki dünýä çempionatynda biziň ýygyndymyzdan Ýulduz Jumabaýewa bilen Seýitjan Mirzaýewiň iki sany kiçi bürünç medal gazanandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, türkmenistanly agyr atletikaçylar dünýä çempionatlarynda uly medallaryň dördüsini gazandylar. Olaryň ikisi altyn, galan ikisi bolsa kümüş medallardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Ýulduz Jumabaýewa Daşkentdäki dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy
Daşkentden ikinji medal: Seýitjan Mirzaýew hem kiçi bürünç medala mynasyp boldy
11-nji aprelde agyr atletika boýunça Aşgabadyň çempionaty geçiriler
Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň Milli ýygyndy türgenleriniň topary Daşkentde agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler