Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen girişdi

Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen girişdi

Türkmen boksçulary Hytaýyň Hançžou şäherinde dowam edýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek ýeňiş gazandylar. Bu üstünlige Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Baýramdurdy Nurmuhammedow ýetdi ― diýip, Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.

Şu ýylda Daşkentde geçen dünýä çempionatyna 23 boksçynyň medal ugrunda göreşýän 71 kilograma çenli agram toparynda gatnaşan täjigistanly Dawut Mahkamowa garşy birinji göreşde B.Nurmuhammedow hiç hili kynçylyk çekmedi. Onuň ökdeligi eýýäm birinji tapgyrda belli bolup başlady ― eminleriň bäşisi-de türkmenistanly boksçyny ileri tutdular.

Ikinji tapgyrda diňe bir emin ― puerto rikoly Emanuel Walentin Ferreýra täjik boksçusyna artykmaçlyk berdi. Üçünji tapgyrda bolsa eminler ýene-de agzybirlik bilen ýeňşi türkmenistanly boksça berdiler. Netijede, B.Nurmuhammedow 5:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, indiki tapgyra çykdy. Ol ikinji tapgyrda 2023-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda 9-njy orny eýelän 19 ýaşly palestinaly Nidal Fokahaa bilen duşuşar.

Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherinde doglan 21 ýaşly Baýramdurdy Nurmuhammedow Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýar. Ol mundan öň, geçen ýyl Ammanda (Iordaniýa) geçen Aziýa çempionatynda çärýek finala çykdy. Şu ýyl Daşkentde geçirilen soňky dünýä çempionatynda bolsa ilkinji iki bäsleşikde ýeňiş gazandy, ýöne çärýek finala çykmak ugrundaky göreşde russiýaly boksçudan ýeňlip, 9-njy orny eýeledi.

Boks sportuň bir görnüşi hökmünde 1954-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Hançžouda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndaky häzirki ýaryşda boksçular 13 baýrak ugrunda bäsleşer.

Bu sport görnüşi boýunça ýaryşa Türkmenistandan dört türgen gatnaşýar.Olaryň ikisi eýýäm çykyşlaryny tamamladylar: Hursand Imankuliýew (63,5 kg çenli) birinji bäsleşikde Daşkentde geçen dünýä çempionatynyň finalçysy, Rio-de-Žaneýroda we Tokioda geçen soňky iki Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony Çinzorigu Baatarsukdan (Mongoliýa) ýeňildi 1:4, Daýanç Annaseýidow (51 kilograma çenli) bolsa saud arabystanly Abdulaziz Halid Alatbiden asgyn geldi 1:4.

Boks ýaryşyna gatnaşýan dördünji türgenimiz Türkmenabadyň 8-nji sport mekdebiniň 30 ýaşly tälimçisi Arslanbek Açylow (92 kg çenli) birinji bäsleşigini geçen ýyl Ammanda geçen Aziýa çempionatynyň we 2023-nji ýylda Daşkentde geçen dünýä çempionatynyň çärýek finalçysy täjigistanly Dawlat Boltaýew bilen geçirer.

Ol mundan öň 2014-nji ýylda Inçhonda geçen Aziýa oýunlaryna gatnaşypdy, ýöne çärýek finaldan aňryk geçip bilmändi.Arslanbek Rio-de-Žaneýroda geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy.Bakuwda geçen V Yslam raýdaşlyk oýunlarynda altyn, 2016-njy ýylda Azerbaýjanyň paýtagtynda geçen dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynda we 2018-nji ýylda boksuň polşa mekdebini esaslandyryjy, meşhur halypa Feliks Stammyň hatyrasyna Warşawada geçirilen halkara ýaryşda bolsa kümüş medala eýe bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça Türkmennebit bilen geleşik baglaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
TÝL ― 2021: ertir 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary belli bolar