Türkmenistanly küştçi Kazanda geçirilen ýaryşda ikinji orny eýeledi

Türkmenistanly küştçi Kazanda geçirilen ýaryşda ikinji orny eýeledi

Türkmenistanly küştçi Soltan Myradow Kazan şäheriniň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň bäşinji tapgyrynda ikinji orny eýeledi. Ol belli küştçi Serdar Annaberdiýewiň şägirdidir.

Sport ussady Soltan Myradow Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinden uçurym boldy.

Dürli ýaş derejelerinde Türkmenistanyň bäş gezek çempiony (iki gezek 8 ýaşa çenli, 10, 14 we 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda bir gezekden) bolan türgen 15 ýaşa çenli küştçileriň arasynda 2017-nji ýyldaky Aziýa çempionatynda rapid boýunça ýeňiji bolupdy. Şeýle hem ol 2015-nji ýylda Soçide geçen ýetginjekleriň arasyndaky Bütindünýä oýunlarynda birinji, 2019-njy ýylda erkekleriň arasyndaky Türkmenistanyň Ýokary ligasynda dördünji orny eýeledi.

Soltan Myradow häzirki wagtda Kazanyň A.N.Tupolýowa adyndaky milli derňew tehniki uniwersitetinde okaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY