Türkmenistanly küştçüler Dünýä kubogynyň sebitleýin tapgyryna gatnaşýar

Türkmenistanly küştçüler Dünýä kubogynyň sebitleýin tapgyryna gatnaşýar

Şu günler Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysy Dünýä kubogynyň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin ýaryşyna gatnaşýarlar.

Ýurduň erkekler ýygyndysyna doganlar Maksat, Ýusup we Saparmyrat Atabaýewler wekilçilik edýär. Zenan ýygyndysynda bolsa Lala Şöhradowa, Merýem Agajanowa hem-de Ogulsuraý Baýrambaýewa bar. Bu türgenleriň ählisi şu ýylyň mart aýynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler.

Türkmen ýygyndysyna Şahruh Turaýew bilen Aýnur Isaýewa tälim berýär. Wekiliýet sebitleýin ýaryşa Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş kätibi Mergen Kakabaýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.

Sebitleýin ýaryşa Türkmenistandan, Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan 40-dan gowrak güýçli küştçi gatnaşýar. 2-nji iýunda tamamlanjak ýaryşyň netijesi boýunça Dünýä kubogyna Merkezi Aziýadan üç türgen gatnaşyp biler. Olaryň ikisi erkekler, biri bolsa zenan küştçüdir.

Dünýä kubogynyň 29-njy iýul ― 22-nji awgust aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriljekdigini habar berýär. Oňa 309 türgen gatnaşar. Olaryň 206-sy erkekler, 103-si bolsa zenanlardyr. Azerbaýjan bu ýaryşy taryhynda ikinji gezek kabul eder. Goňşy döwletiň paýtagtynda küşt boýunça Dünýä kubogy mundan ozal 2015-nji ýylda geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
Küşt boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasyna täze agzalar kabul edildi