Türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplary Russiýada geçiriljek halkara bäsleşige çagyrylýar

Türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplary Russiýada geçiriljek halkara bäsleşige çagyrylýar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary 2025-nji ýylda geçiriljek Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Bu bäsleşik Ekologiýa taslamalarynyň konsaltingi instituty guramasy tarapyndan her ýyl geçirilip gelinýär.

Bäsleşigiň maksady Russiýa Federasiýasynyň we beýleki gatnaşyjy ýurtlaryň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň daşky gurşawy goramak boýunça gözleg we taslama işlerine goldaw bermekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň hödürlejek taslamalary ekoulgamlary gorap saklamaga, daşky gurşawy gowulaşdyrmaga gönükdirilen ylmy we amaly çözgütleri özünde jemlemelidir.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Russiýanyň açyk ýaşlar suw bäsleşiginde ilkinji gezek türkmenstanly talyp ýeňiji bolupdy.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmalar 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

ASTRAHAN OBLASTYNYŇ PRIWOLŽSK RAÝONYNYŇ MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY ORTA MEKDEBINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Ekologiýa bilermenleri Rogun GES-niň gurluşygynyň has amatly konsepsiýasyny hödürlediler
Türkmenistanda kofe öndürýän öňdebaryjy kärhana açyldy
Türkmenistan Latyn Amerikada we Karib basseýninde ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça agentliginiň Baş konferensiýasynyň ýörite mejlisine gatnaşdy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary