TÜRKMENISTANLY MUGALLYM 2025-NJI ÝYLDA GDA-NYŇ IŇ GOWY MUGALLYMY DIÝLIP YKRAR EDILDI

TÜRKMENISTANLY MUGALLYM 2025-NJI ÝYLDA GDA-NYŇ IŇ GOWY MUGALLYMY DIÝLIP YKRAR EDILDI

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň ýaş mugallymy hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Nowruzälem Gurdow Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen GDA-nyň iň gowy mugallymy 2025 halkara bäsleşiginde ynamly ýeňiş gazandy.

Bäsleşigiň ýanwaryň başynda tamamlanan jemleýji onlaýn-tapgyrynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýaş mugallymynyň mugallymçylyk işi we gazananlary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

N.Gurdow bäsleşikde gazanan ýeňşi netijesinde 2025-nji ýylda GDA-nyň iň gowy mugallymlarynyň hataryna girdi hem-de döşe dakylýan nyşan we I derejeli diplom bilen sylaglandy.

Nowruzälem Gurdowyň özi gazanan üstünligi barada şeýle diýdi: Halkara bäsleşigine gatnaşyp, men ýurdumyzda ýaş mugallymlara bildirilýän belent ynama abraý bilen hötde gelmek üçin örän uly jogapkärçilik duýdum. Şoňa görä-de, bu bäsleşikde ýeňiş gazanmak meniň üçin hakyky bagt bolup, hünärim boýunça alyp barýan işimde maksatlarymy we başlangyçlarymy berkitdi.

Bilim respublikan bilim merkezi tarapyndan Dobro Halkara haýyr-sahawat gaznasy bilen bilelikde guralan bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarda bilim ulgamynyň zehinli işgärlerini ýüze çykarmaga hem-de olaryň hünär ussatlygyna baha bermäge gönükdirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mugallym 2025-nji ýylda GDA-nyň iň gowy mugallymy diýlip ykrar edildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder