Türkmenistanly okuwçylar Infomatrix 2018 halkara taslama olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler

Buharestde Infomatrix 2018 atly informatika halkara taslama olimpiýadasy geçirildi, oňa dünýä ýurtlaryň 43-sinden 11 ugur boýunça 595 işiň awtorlary bolan 1016 okuwçy gatnaşdy.

Taslama işleriniň 7-sini, şol sanda bilelikdäki işleri taýýarlan okuwçylaryň 11-si ýurdumyza wekilçilik edip, kümüş medallaryň 2-sini we bürünç medallaryň 9-syny eýelediler. Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň informatika mugallymy Maksat Meredow türkmen intellektuallar toparynyň halypasydy.

Aşgabadyň 86-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Ejegül Akmämmedowa we Gözel Nazarowa kümüş medala mynasyp boldular.

86-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Enejan Annamuhammedowa we Aýşat Geldimyradowa, Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň wekilleri Resul Şamuhammedow, Leýli Aşyrowa we Maral Durdyýewa, şeýle hem 97-nji mekdepden Atajan Joraýew, Ahmet Akyýew, Merdan Nepesow we Didar Hallyýew dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmen okuwçylaryň abraýly halkara olimpiýadalarynda üstünlikli çykyş etmegi ösüp gelýän ýaş nesliň intelelktual we döredijilik mümkinçiligini, analitik endiklerini we öz-özüňi kämilleşdirmegini höweslendirmäge gönükdirilen innowasion bilimiň milli strategiýasynyň netijeliliginiň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY