Türkmenistanly pälwan Aziýa oýunlarynda dopingde tutuldy

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň grek-rim stilinde göreşýän pälwany Rüstem Nazarowy Indoneziýada geçýän Aziýa oýunlarynda doping ulanandygy üçin ýaryşdan çetleşdirdi.

Bu barada “Jakarta Globe” neşiri habar berýär.

Türkmen sportsmeni gadagan edilen furosemid preparatyny ulanypdyr.Furosemid öz-özlüginde doping däl.Ol bedenden gadagan edilen maddalary çykarmak üçin ulanylýar we Dopinge garşy bütindünýä agentligi (DGBA) tarapyndan gadagan edilen madda bolup durýar.

Pälwan 19-njy awgustda hindistanly garşydaşy bilen başa-baş bäsleşikde ýeňildi.

Ol Jakartadaky Aziýa oýunlarynda doping ulanmakda tutulan ilkinji sportsmen boldy.

Гундогар saýtynyň maglumatyna görä, pälwanlaryň ýaryş programmalary 22-nji awgustda tamam boldy.

Türkmenistanyň oýunlardaky ýygyndysyna dürli agram kategoriýalrynda 10 sportsmen wekilçilik etdiler. Olar Söhbet Belliýew, Süleýman Belliýew, Batyr Borjakow, Azat Gajyýew, Rüstem Nazarow, Döwletmyrat Orazgylyjow, Şihazberdi Öwelekow, Şermet Permanow, Ziýamuhammet Saparow we Seýdulla Tazaýew.

Neşiriň ýazmagyna görä, komanda umuman şowsuz çykyş etdi. Diňe B.Borjakow we Ş.Permanow iki ýeňiş gazanmagy başardy. Emma, bu olara orun gazandyrmady. Türkmen pälwanlary aýgytlaýjy tutluşykda ýeňildiler. Ş.Öwelekow iki başa-baş tutluşykda ýeňiş gazandy we bürünç medal almagy başardy. Galan sportsmenler ilkinji ýeňlişlerinden soň, ýaryşdan başky tapgyrlarda çykdylar.

Häzirki pursatda Türkmenistanyň ýygyndysynyň üç medaly bar we ol 31 orundan 25-nji orunda ýerleşýär. 53 kiligrama çenli agramda çykyş edýän Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça aýal-gyzlaryň arasynda gurnalan ýaryşlarda kümüş medal almagy başardy. 56 kilograma çenli agramda erlkekleriň arasyndaky jiu-jitsy bäsleşiklerine gatnaşan Kemal Meredow we 87 kilograma çenli agramda erkekleriň arasynda grek-rim göreşine gatnaşan Şihazberdi Öwelekow iki bürünç medal almagy başardylar.

Hytýayň ýygyndysy 148 medal bilen ilkinji orunda ýerleşýär (71 altyn, 48 kümüş we 29 bürünç). Türkmenistanyň goňşulary Özbegistan (5 altyn, 10 kümüş we 7 bürünç) we Gazagystan (3 altyn, 7 kümüş we 24 bürünç) gazanyp, 10-njy we 11-nji orunlarda ýerleşýär.

Bellemek zerur, Türkmeistanyň Jakartada geçirilýän Aziýa oýunlarynda gazanan netijeleri 2017-nji ýylda Aşgabatda Söweş sungaty boýunça we ýapyk binalarda geçirilen V Aziýa oýunlarynda gazanan netijlerinden düýpli tapawutlanýar.

Türkmen sportsmenleri öz ýurdunda geçirilen ýaryşlarda 245 medal gazanyp, medal hasabynda uly tapawut bilen ýeňiş gazandylar. Şonda türkmen ýygyndysynyň ýakyn bäsdeşi bolan hytaýly sportsmenler bary-ýogy 97 medal gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda 23 medaly gazandylar
24.03.2019 | Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda 23 medaly gazandylar
Daşary Işler Ministri Fidan, ASEAN-yň Maslahatyna Gatnaşýar
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Jakartada basketbol boýunça Aziýanyň kubogy ― 2022-niň bijeleri çekildi