Türkmenistanly sungat ussatlary Wenada konsert berer

Türkmenistanly sungat ussatlary Wenada konsert berer

Şu aýyň ortasynda Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň 12-nji oktýabrda Wenanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada sapar bilen gelen Wena şäheriniň häkiminiň wekili, Wena şäher geňeşiniň agzasy we Wena prowinsiýa parlamentiniň agzasy Omar Al-Rawi, şeýle hem Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty myhmanlary 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena balynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy belläp, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada hem nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny hem-de bu ugurda iki ýurduň işewür toparlarynyň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda Wena balynyň geçirilmegi, şeýle hem Galkynyş simfoniki orkestriniň çykyşlary ýaly bilelikdäki çäreler arkaly medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary has hem giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şu aýyň ortasynda Wenada geçiriljek Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti iki ýurduň arasyndaky medeni dialogynda ýene-de bir möhüm waka bolar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Neda BERGER: Söýýän seni Türkmenistan
Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek teklip edilýär
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Wena baly türkmen-awstriýa medeni hyzmatdaşlygynyň köprüsi