Türkmenistanly taekwondoçylar Belarusda geçirilen Dünýä kubogynda 10 medal gazandylar

Türkmenistanly taekwondoçylar Belarusda geçirilen Dünýä kubogynda 10 medal gazandylar

Taekwondonyň ITF görnüşi boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen GDA-nyň Kubogy — Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň 10-syna mynasyp boldular. Has takygy, türgenlerimiziň altyn medallaryň 2-sini, kümüş medallaryň 3-sini we 5 sany bürünç medal gazandylar.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny başa-baş tutluşyk görnüşinde 52 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Abdylla Rejebow bilen ýene şu görnüşde 40 kilograma çenli agram derejesinde tutluşan Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Azatmyrat Muhammedow gazandy.

Halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň ýeňijisi Orazmyrat Çaryýew bu gezek hem Watanymyza medalsyz dolanmady. Onuň görkezme çykyşlary kümüş medala mynasyp görüldi. Edil şeýle üstünligi başa-baş tutluşyk boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan wekilimiz Goşanyýaz Durdyýew hem gazandy.

Halkara ýaryşyň eminleri Annamyrat Goşanyýazowyň görkezme çykyşyny bürünç medala mynasyp gördüler. Başa-baş tutluşyk boýunça düşekçä 78 kilograma çenli agram derejesinde çykan Amanberdi Agajanow bilen 58 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Orazmuhammet Ustaýew hem hormat münberiniň üçünji basgançagyndan özlerine ýer tapdylar.

Milli ýygyndymyzyň dördünji bürünç medalyny başa-baş tutluşykda altyn medal gazanan Azatmyrat Muhammedow görkezme çykyşlardaky başarnygy bilen gazandy.

Taekwondoçylarymyzyň altysyny özünde jemleýän toparlarymyzyň görkezme çykyş boýunça toparlaýyn ýaryşyň kümüş we bürünç medallaryny eýelemegiň hötdesinden gelendikleri-de buýsandyryjydyr.

Ýene degişli makalalar

15.04.2018 | Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 10 medal gazandy
Türkmenistanly taekwondoçylar dünýä çempionatynda iki medal gazandylar
17.07.2018 | Nepalda taekwondo boýunça türkmen ussatlary altyn medallary gazandylar
Türkmen sporty dabaralanýar