Türkmenistanly talyp Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby diýen hormatly ada mynasyp boldy

Türkmenistanly talyp Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby diýen hormatly ada mynasyp boldy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Medet Mäterow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby at bilen geçirilen halkara bäsleşikde I orna mynasyp boldy.

Bilim Innowasiýa merkezi we Gazagystan Respublikasynyň Iň oňat talyplar akademiýasy tarapyndan guralan halkara bäsleşigine sebitiň döwletleriniň zehinli ýaşlarynyň 350-den gowragy gatnaşdy.Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen talyby ýaryşyň ýeňijileriniň hataryna girdi we ýörite diplom, güwänama, ýadygärlik kubogy hem-de döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. Şu mynasybetli 13-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde dabaraly çäre geçirildi. Çykyş edenler ýaş ýigidi halkara derejesinde gazanan ajaýyp üstünligi bilen gutlap, oňa mundan beýläk-de netijeli ylmy işleri, bäşlik bahalar bilen okamagy we üstünlikleri arzuw etdiler.

Medet Mäterowyň abraýly sylagynyň türkmen biliminiň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky dabaralanmasy bolup durýandygy nygtaldy.Medet Mäterow dürli bäsleşiklerde we olimpiadalarda birnäçe gezek tapawutlanypdy.Ol Sanly çözgüt 2025 bäsleşiginde III orna, şeýle hem ICT Start-up bäsleşiginde we Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň ýagty ýoly atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşiginde I orna mynasyp bolupdy. Ýaş alym Moskwanyň Döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň talyplaryň arasynda geçiren ylmy hepdeligine işjeň gatnaşdy hem-de beýleki dürli internet-olimpiadalarda we bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etdi.

Medet Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ylmy-barlag işlerini yhlasly alyp barýar.Ol Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby esasynda narpyzdan we tozgadan spreý görnüşinde temmäkä baglylykdan halas edýän ýörite dermanlyk serişdäni işläp taýýarlady.

Talybyň innowasion taslamasy hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyplary döwlet we halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezýärler.Bu bolsa giň mümkinçilikleriň hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösmekleri we olaryň ýokary hilli bilim almaklary, geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertleriň aýdyň netijesidir.

Ýene degişli makalalar

B.M.MÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Sanly ykdysadyýet boýunça bäsleşik geçirildi
M.B.ORAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.B.ORAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmen prezidenti ABŞ-daky baýry diplomatlaryny täzeledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda