Türkmenistanly talyp Permdäki ýaragly ot açyşlykda 20 adamy halas etdi

Türkmenistanly talyp Permdäki ýaragly ot açyşlykda 20 adamy halas etdi

Ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugynda habar bermekleirne görä, Ö.Sabyrow 20-nji sentýabrda irden uniwersitetiň birinji gatynda okuw sapagynyň başlamagyna garaşýardy. Birdenkä binada ýarag sesleri eşidildi, Öwezberdiniň gapdalyndan talyplar gorky sesi bilen ylgap geçdi. Onuň gözüniň öňünde goragçy ýaralandy.

Emma Ö.Sabyrow özüni ýitirmän, töweregindäki talyplary toplap, olary ätiýaçlyk çykalgasyna alyp barypdyr. Şeýlelikde, ol 20-den gowrak adama daşary çykmaga ýardam edipdir.

Köçä çykyp, Öwezberdi ýoldan geçip barýanlary howp barada habardar edip, polisiýa jaň edipdir.

Ýatlatsak, 20-nji sentýabrda Perm uniwersitetiniň 18 ýaşly birinji ýyl talyby Timur Bekmansurow Perm döwlet uniwersitetinde ýaragly ot açyşlyk gurapdyr. Netijede 6 adam aradan çykdy, ýene 43-si ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Işmetow Özbegistanyň Merkezi bankyna ýolbaşçy bellendi
Türkmenistanly boksçular Gazagystanda geçirilen halkara ýaryşda alty medal gazandylar
Mehemmed Hüseýin Şehriýar
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
'Çagalar öýünde gören görgülerim'. Türkmenistanda ýetim çagalar zorluga duçar bolýar
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylar Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine baryp gördüler