Türkmenistanly talyplar informatika boýunça halkara olimpiadada 10 sany altyn medala mynasyp boldular

Türkmenistanly talyplar informatika boýunça halkara olimpiadada 10 sany altyn medala mynasyp boldular

Aşgabatda 15 — 19-njy aprel aralygynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadada türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen talyplary 10 sany altyn, jemi bolsa 43 medala mynasyp boldular.

Ikinji orna 17 medal gazanan rus talyplarynyň topary ýerleşdi. Üçünji orun bolsa 10 medala mynasyp bolan HHR-iň toparyna nesip etdi. Bu barada vestiabad habar berýär.

Halkara olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralyp, oňa 18 döwletden talyplar gatnaşdylar.

Olimpiadada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda gatnaşyjylara dürli meseleleri çözmek üçin programmalary işläp düzmek bilen baglanyşykly 5 sany ýumuş hödürlenildi.

Olimpiadanyň ikinji tapgyrynda talyplara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuş hödürlenildi.

Olimpiada gatnaşyjylar üçin arheologiki ýadygärlikleri we baý taryhy mirasy bilen meşhur bolan Nusaýa gezelenç guraldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Halkara nebit we gaz uniwersiteti talyplaryň arasyndan II Açyk halkara informatika olimpiadasyny geçirýär
IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi
Şweýsariýa taryhda iň arzan Olimpiadany geçirmekçi
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli forum geçiriler, Türkmenistan we Eýran Aşgabatda işewürlik maslahatyny geçirdiler, Türkmenistan EXPO 2025-iň çäginde ilkinji bolup baýdak dikdi we beýleki habarlar
Döwlet lukmançylyk uniwersiteti daşary ýurtly talyplary biologiýa olimpiadasyna çagyrýar