Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynyň final tapgyryna gatnaşar

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynyň final tapgyryna gatnaşar

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa Hindistanyň Bhubaeswar şäherinde 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynyň final tapgyrynda çykyş eder. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berdi.

Aşgabadyň tennis akademiýasynyň wekili Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen toparyna girer. Ol yklym ýaryşynyň şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen sebitleýin böleginde üstünlikli çykyş edip, final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Şeýlelikde, ýeterlik utuk toplap bilen Ilima Guseýnowa Halkara tennis federasiýasyndan Aziýa çempionatyna gatnaşmak üçin çakylyk geldi.

Merkezi we Günbatar Aziýanyň toparyna Ilima Guseýnowadan başga-da, Özbegistandan Emili Kim bilen Akmal Abdullaýew we Gyrgyzystandan Dawid Mogilewskiý girýär.

Yklym ýaryşyna Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen ýygyndysyndan daşary Gazagystanyň, Indoneziýanyň, Hindistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gonkongyň, Koreýa Respublikasynyň, Kuweýtiň, Malaýziýanyň, Şri-Lankanyň, Siriýanyň, Tailandyň, Wýetnamyň ýygyndylary we Demirgazyk, Günorta-Gündogar hem-de Gündogar Aziýa döwletleriniň birleşen ýygyndylary gatnaşar. Ýaryş 15-nji aprele çenli dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, Merkezi we Günbatar Aziýanyň birleşen ýygyndysyna türkmenistanly hünärmen tälimçi hökmünde gatnaşýar. Halkara tennis federasiýasynyň gelen çözgüdi bilen ýaryşa ýygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Aşgabat tennis akademiýasynyň baş tälimçisi Mirali Gasanow ýolbaşçylyk eder.

Ýene degişli makalalar

Ilima Guseýnowa tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy
Ilima Guseýnowa tennis boýunça ýetginjekleriň (U-14) arasyndaky Aziýa çempionatynda ýarym finala çykdy
Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda ikinji ýeňşini gazandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly tennisçi Omanda geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy, Aşgabatda noýabr aýynda Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Hyzmatdaşlyk forumy geçiriler we beýleki habar