Türkmenistanly tennisçiler Malaýziýada Aziýanyň çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanly tennisçiler Malaýziýada Aziýanyň çempionatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň tennis boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjeklerden ybarat ýygyndysy şu günler Malaýziýanyň Negerii-Sembilan ştatynyň Bandar-Baru-Enstek şäherinde geçirilýän Selangor Asian 14 & Under Grade A Tournament (Southeast Asia) atly halkara tennis ýaryşyna gatnaşýar.

Bu ýaryşda türkmenistanly türgenleriň 10-sy ýaryşar. Olara Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, Aşgabat tennis akademiýasynyň tälimçisi Mirali Gasanow tälim berýär. Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistandan zehinli türgen Ilima Guseýnowa hem bolup, onuň reýtinginiň ýokarydygy sebäpli, çykyş etjek gyzlaryň sanawynyň başynda ýerleşendigi bellärliklidir.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşa Aziýadan zehinli ýaş tennisçileriň 64-si gatnaşyp, şolaryň 32-si oglanlar, ýene 32-si bolsa gyzlardyr.

Ýaryş 10-njy awgusta çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Ýaş tennisçiniň halkara üstünligi
Türkmenistanly tennisçi Malaýziýada geçirilen halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmen tennisçisi Malaýziýadaky halkara ýaryşda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Türkmenistanly tennisçi Hindistanda geçirilýän halkara ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi