Aşgabatly 19 ýaşly halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow Bişkekde tamamlanan uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda ilkinji gezek bürünç medaly eýeledi.Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby bolan türgenimiz bu üstünligi 15 pälwanyň bäsleşen 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy.
Ilkinji iki tutluşykda Alp Arslan mongoliýaly Býambadorž Bat Erdeneden we täjigistanly Bahodur Kodirowdan 10:0 hasabynda üstün çykyp, möhletinden öň ýeňiş gazandy.Soňra ol ýarym finalda 2021-nji ýyldan bäri Aziýa bäsleşiklerine ilkinji gezek gatnaşýan 29 ýaşly dünýäniň we Aziýanyň iki gezek çempiony, geçen ýyl Albaniýada geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi Kamran Gorban Gasempur (Eýran) bilen duşuşyp, 0:11 hasabynda utuldy. 3-nji orun ugrundaky tutluşykda bolsa A.Begenjow 2024-nji ýyldaky 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalçysy Ýudai Takahaşiden (Ýaponiýa) 5:1 hasabynda üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy.
Bu agram derejesinde ikinji bürünç medaly Gazagystanly Bolat Sakaýewi 2:1 hasabynda ýeňen Bahreýnli Hidir Gurban Saýpudinow aldy.Aziýanyň çempiony adyna bolsa finalda Mukul Dahiýany (Hindistan) 7:0 hasabynda ýeňen eýranly Kamran Gorban Gasempur mynasyp boldy.
Alp Arslan Begenjowyň gazanan bürünç medaly Türkmenistan üçin 2018-nji ýyldan bäri sport göreşi boýunça ilkinji, uly ýaşly erkekleriň arasyndaky erkin göreş boýunça Aziýa çempionatlarynda gazanylan ilkinji medal boldy.
Türkmen türgenleriniň arasynda mundan sekiz ýyl ozal grek-rim göreşi boýunça pälwan Şermet Permanow 2018-nji ýylda Bişkekde geçirilen Aziýa çempionatynda 77 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip bürünç medal gazanypdy.
Alp Arslan ilkinji gezek 2022-nji ýylda Rumyniýada 17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda geçirilen Constantin Alexandru & Ioan W.Popovici atly halkara ýaryşynda ýeňiji bolup, şol ýaş derejesinde Bişkekde geçirilen Aziýa birinjiliginde altyn medaly eýeläp, özüni tanadypdy. 2023-nji ýylda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. 2024-nji ýylda bolsa 20 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda degişlilikde Tailandda we Ispaniýada geçirilen Aziýa we dünýä çempionatlarynda ilkinji gezek altyn medallary eýeledi. Şeýle hem A.Begenjow 2023-nji ýylda Wýetnamda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionatynda kümüş medala, Gyrgyzystanda geçirilen 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Aziýa birinjiliginde bolsa bürünç medala mynasyp bolupdy.
Soňky iki ýylda Alp Arslan 79 kilograma çenli agram derejesinde üstünlik gazanyp gelen bolsa, 2026-njy ýyldan başlap täze 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip başlady.Görşümiz ýaly, bu synanyşyk hem şowly boldy.
Alp Arslan Begenjow erkin göreşiň inçeliklerini Aşgabatda daýysynyň ýanynda öwrenip başlady, şeýle hem Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Berdi Atabaýewiň gurnagynda türgenleşdi.Häzirki wagtda ol ussatlygyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda kämilleşdirýär.
Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde 20 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda gazanan ýeňşinden soň Alp Arslan Begenjow şeýle diýipdi: Meniň fiziki taýýarlygym uly ýaşlylaryň derejesinde bäsleşmek üçin entek ýeterlik däl.
Uly ýaşlylaryň arasynda dünýä çempiony adyny gazanmak üçin has yhlasly türgenleşmeli.Zehinli türkmen pälwanynyň wagtyň geçmegi bilen öz arzuwyna ýetjekdigine ynanýarys.
