Türkmenistanly türgen Yslam Rahmedow Soçide geçirilen kikboksing ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanly türgen Yslam Rahmedow Soçide geçirilen kikboksing ýaryşyna gatnaşar

Türkmenistanly kinboksingçi Yslam Rahmedow REN TW-niň söweşjeňler kluby atly ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 18-nji noýabr güni Soçidäki RED ARENA sport toplumynda geçiriler.

Gala Sports Management sport jemgyýetçilik guramasynyň habar bermegine görä, Rahmedow russiýaly Ruslan Kisilýow bilen tutluşar.

Agşamyň esasy tutluşygy russiýaly MMA ýyldyzlary Iwan Ştyrkow bilen Wladimir Mineýewiň arasynda bolar.

Yslam Rahmedow kikboksing boýunça sport ussatlygyna dalaşgärdir. Türkmenistanyň bäş gezek çempiony bolan türgen 2019-njy ýylda ýurduň kubogyny hem gazandy.

Agşamyň esasy kardyndaky tutlluşyklary REN TW teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp görkezer. Agşama tutuşlygyna bolsa Udar atly başa-baş tutluşyk kanalyndan tomaşa edip bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
Bedeniňizde C witamini ýeterlikmi?!
Türkmenistanyň Prezidenti harby okuw türgenleşigini gözden geçirdi, Yragyň elektroenergetika ministri OGT-2023-e gatnaşar, alaja bagyşlanan edebi bäsleşik yglan edildi we beýleki habarlar
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Polisiýa Amul galasyna barýan ýaşlardan gorkuzyp pul alýar ýerli ýaşaýjylar