Türkmenistanly ýetginjek stol tennisçiler Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar

Türkmenistanly ýetginjek stol tennisçiler Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar

Türkmenistanyň stol tennisi boýunça ýetginjekler ýygyndysy 2 — 10-njy iýun aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar.

Türkmen sportuň habar berşi ýaly, ýaryşa gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Stol tennisi federasiýasynyň wekili, şeýle-de, Mary şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Begenç Agaorazow bilen birlikde 12 adamyň bolmagyna garaşylýar.

Halkara ýaryşynda Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary Güýçgeldi Allanazarow, Wepa Meredow, Ylýas Allanazarow, Bägül Begenjowa, Medine Nurgeldiýewa, Aýnur Berdiýewa hem-de Enejan Çarwaýewa dagy çykyş eder. Bu sanawda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçysy Alibek Jumanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Dawut Ýakubow we Emir Garýagdyýew hem bolar.

Ýene degişli makalalar

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistan stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmenistan stol tennisi boýunça Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany