Türkmenistanly zähmet migrantlary Stambulda miting geçirdiler (wideo)

14-nji maýda Stambuldaky migrasiýa gulluygynyň binasynyň ýanynda aglaba köplügi Türkmenistandan we Özbegistandan bolan zähmet migrantlary, ýuristler bilen bilelikde, protest aksiýasyny geçirdiler.

Protestçiler metbugat wekillerine soňky wagtlarda Stambuldaky migrasiýa gullugynyň migranatlaryň ýurtda ýaşamak rugsadyny almak ýa uzaltmak baradaky haýyşlaryny bitirmeýändigini, şeýle-de gullugyň işgärleriniň özleri bilen örän gödek gürleşýändiklerini gürrüň berdiler diýip, “Azatlyk” radiosy habar berýär.

Hukuk ýardamyny berýän “Türkpermit” firmasynyň ýolbaşçysy Myrat Erşahin Stambulyň migrasiýa gullugynyň kabul edýän kararlaryndan iň kän ejir çekýänleriň Türkmenistanly we özbegistanly migrantlar bolup durýandygyny gürrüň berdi. Nägilelelik bildirmek we migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekmek üçin hukuk firmasynyň wekilleri hem öz müşderileri bilen bilelikde protest aksiýasyny geçirmek kararyna geldiler.

Aksiýa gatnaşan türkmen migrantlarynyň biri Radio bilen söhbetdeşlikde, migrasiýa gullugynyň ňz arzasyny kabul etmekden ýüz döndermegi zerarly, 4-nji klasda okaýan ogly bilen bilelikde kyn ýagdaýa düşendigini gürrüň berdi.

“Bize Stambulyň migrasiýa gullugyndan telefon edip, gelmegimizi soradylar.Ol ýerde maňa meniň iş rugsadymyň ýatyrylandygyny we şu sebäpden meniň maşgalamyň Türkiýede bolmagyna berlen rugsadyň bes edilendigini habar berdiler.

Bize bir aý möhlet içinde öz watanymyza dolanmalydygymyzy aýtdylar. Şondan soň meniň işleýän ýerimiň ýuristi suda şikaýat arzasyny berdi, häzir meniň işim boýunça seljerişlik geçirilýär.Stambulda Türkmenistandan gelen we meniňki ýaly ýagdaýa düşen örän kän maşgala bar.

Biz kömek soraýarys, sebäbi biz Türkmenistana dolanmak islemeýäris, ol ýerde iş ýok, maşgala eklemek mümkinçiligi ýok” diýip, protestçi gürrüň berdi.

Radionyň habar bermegine görä, Stambuldaky we ýurduň beýleki regionlaryndaky migrasiýa gulluklary diňe migrantlara dokument bermekden ýüz öwürmeýär, eýsem Türkmenistandan gelen we bosgun durumynda bolan raýatlara hem dokument bermekden boýun towlaýar.

Hususan-da ýanwarda Gazantep regionynyň migrasiýa gullugy Türkmenistandan gelen bosgunyň bosgun durumyny ýatyrdy we ony deportasiýa etmek üçin tussag astyna aldy. Aklawçylaryň sud arkaly deportasiýa baradaky karary ýatyrtmagy we BMG-niň bosgunlar baradaky komitetinde 18-nji maýda söhbetdeşlik gününi kesgitlemegi gazanmaklaryna garamazdan, Gaziantepiň migrasiýa gullugy ony henizem tussaglykda saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Gruziýada Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy
Gresiýada NATO Garşy Protest Aksiýasy Geçirildi
Seýran söwda merkezindäki Zyýat Hil doglan gününi belleýänler üçin 50% arzanladyşyň bardygyny ýatladýar
Owgan aýallary Owganystanyň paýtagtynda demonstrasiýa geçirdiler
Maryda müňlerçe adam söwda resmilerine nägilelik bildirdi. Onlarça adam tussag edildi, ene-atalar çagalaryny tapyp bilmedi