Türkmenistanly zenanyň syrly ölümi

Türkmenistanly zenanyň syrly ölümi

Türk mediasynyň yazmagyna görä, Stambulyň merkezindäki Beýogly etrabynda Alzaýmer keselli zenana seredýän Türkmenistanly, 63 ýaşly Gurbangözel Çaryýewa öz otagynda öli tapyldy.

Bu waka 5-nji maýda gündiz sagat 13.30 töwereginde Beýogly etrabyndaky Haliçoglunda boldy.

Maglumatlara görä, az wagtlyk Alzaýmer hassasyna bakyjy bolan 63 ýaşyndaky Gurbangözel Çaryýewa gije öz otagyna geçipdir.

Ir sagatlary hassa zenanyň adamsy Alaeddin H.. Çaryýewa bilen habarlaşyp bilmänsoň, onuň otagyna giripdir we ukudan oýandyrmaga synanyşanda, netijesiz bolupdyr.

Alaeddiniň habar etmegi bilen öýe gelen saglyk işgärleri Çaryýewanyň bedeninde geçiren barlagdan soňrä,onuň aradan çykandygyny kesgitläpdir.

Gurbangözel Çaryýewanyň otagynda el süpürilýän ganly kagyzlar tapylansoň polisiýa habar berildi diýip türk mediasy ýenede şeýle ýazýar.

Polisiýanyň topary ýaşaýan otagynda el süpürilýän ganly kagyzlar tapylan Çaryýewanyň ýüzüniň göm-gökdigini we onda gan yzlarynyň bardygyny görüpdir.

Gurbangözel Çaryýewanyň ölüminiň anyk sebäplerini kesgitlemek üçin onuň jesedi kazyýet-lukmançylyk institutynyň ölümhanasyna alynyp gidildi diýip türk mediasy ýenede şeýle habar berýär.

Başga tarapdan, hassa zenanyň adamsy Alaeddin H.. polisiýa beren maglumatlarynda öýe hiç kimiň girendiginiň görülmändigini aýdandygy mälim boldy.

Bu wakany eşiden bir telekeçi şeýle diýýär: “Biz dükanda bolanymyzda, birdenkä polis topary geldi we öýe girdiler.Onuň agzyndan we burnundan gan gelipdir, ýerde el süpürilýän ganly kagyzlar tapylypdyr.

Biz onuň haýsyda bir keseliniň bardygyny eşitmedik.Wakany derňemäge geldiler, polisiýa adamlardan maglumat aldy we barlagyny tamamlan soň gitdi. Ondan soňra jynaza awtoulagy geldi ”

Polisiýa Türkmenistanly, 63 ýaşly Gurbangözel Çaryýewanyň ölümi barasynda işlerini köptaraplaýyn dowam etdirýär diýip türk mediasy ýazdy.

Belläp geçsek, geçen aýyň ahyrlarynda Stambulda 58 ýaşly, Balkanabatly Annagül Kasymowa beýin ganamasyny geçirip, döwlet hassahanasynyň agyr hassalar otagyna ätiýaçlandyryşynyň ýokdugy üçin alynmandygy sebäpli, hassahanada aradan çykandygyny “TH” žurnalistleri habar beripdi.

Kasymowa Stambulyň Kilýos-musawiler gonamçylygynyň “kimsesizler” böleginde Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan depin edilipdi.The post Türkmenistanly zenanyň syrly ölümi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň tennis çempionatynda ýaş tennisçiler ajaýyp ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Jesetleri watana ýollanmakdan ýüz öwrülen Belarusdaky türkmen studentleriniň mazarlary, ”Türkmen.news-iň” fotoreportajy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda