Türkmenistanlylar Täze ýyl güni Syrly sowgat atly täze filme tomaşa edip bilerler

Türkmenistanlylar Täze ýyl güni Syrly sowgat atly täze filme tomaşa edip bilerler

Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler, kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Syrly sowgat atly täze film surata düşürildi. Täze filmiň režissýory Arslan Eýeberdiýew bilen Annadurdy Täşliýew, goýujy operatory bolsa Şahzod Batyrowdyr.

Täze filmde bir günüň içinde bolup geçýän wakalar beýan edilýär.Onda filmiň baş gahrymany öz syrly sowgadyny eýesine gowşurmak üçin birnäçe gyzykly pursatlary başdan geçirýär.Syrly sowgadyň gowşurylmaly wagty, sagady belli. Şonuň üçin hem filmde baş gahryman öz sowgadyny wagtyndan gijä galman gowşurmak üçin yhlasny gaýgyrmaýar.

Gahrymanyň başyndan geçirýän tolgundyryjy hem gülkili wakalary tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, halk köpçüliginiň söýgüsini gazanjakdygyny şaýatlyk edýär.

Syrly sowgat atly täze filmde Ata Şarlyýew Poladyň, Annadurdy Täşliýew Annaberdiniň, Yhlas Yslamow Bähbidiň, Rahymberdi Annagulyýew Baýram aganyň, Çaryýar Seýitliýew Annanyň, Mekan Gurbanalyýew bolsa Gaýanyň keşbinde çykyş edýär.

Belläp geçsek, Nur ýüpek matalar dükany, Täze aý hojalyk jemgyýeti, şeýle-de Kindi konditer önümleri kärhanasy Syrly sowgat atly täze filmiň surata düşürilmegine hemaýatkärlik etdiler.

Türkmenistanlylar Syrly sowgat atly täze filme Täze ýyl güni milli teleýaýlymlaryň üsti bilen tomaşa edip bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmen sungat işgärleri halkara baýraga mynasyp boldy