Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ilat köpçüligi garyp ýurduň puluny öz uçaryna sarp etmegi pikir alyşma döretdi

Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ilat köpçüligi garyp ýurduň puluny öz uçaryna sarp etmegi pikir alyşma döretdi

Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň öz maksatlary üçin raýat uçaryny özgerdip, bezemek üçin döwlet pulundan uly mukdarda çykdajy edendigi baradaky hasabat türkmen jemgyýetinde reaksiýa döretdi. "Turkmen.news", "Gundogar.media" we Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) bilelikde çap eden maglumatynda, ilatyň aglaba bölegi garyplykda ýaşaýan Türkmenistanyň prezidentiniň VIP flotunda bäşinji uçaryň peýda bolmagynyň Arkadagyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň ýurduň syýasy sahnasyna çykan wagtyna gabat gelendigi bellendi.

"Oguljahanyň kaşaň uçary ilatda diňe gahar-gazaby artdyrdy" diýip, Azatlyk bilen pikirini paýlaşan türkmenistanlylar belleýärler. Kaşaň uçar baradaky habar bilen bagly uly nägilelige ulaşan pikir alyşmalarda "Raýatlar birinji maşgalanyň düýbünden halkdan üzňeligine aç-açan göz ýetirdiler" diýilýär.

Žurnalistler toparynyň geçiren derňewine gatnaşan Türkmen.news neşiriniň redaktory Ruslan Matiýew hasabatyň Berdimuhamedow maşgalasynyň döwlet puluny öz bähbitleri üçin gizlin ulanýandygyny ýene bir gezek tassyklandygyny belledi.

"Berdimuhamedowyň maşgalasynyň uçary raýat ulaglarynyň sanawyndan gizlin çykaryp, ony özi üçin uçýan köşge öwürmegi nägilelik döredýär.Munuň gizlin edilendigini aýratyn nygtamaly.Görşümiz ýaly indi bu kaşaň uçardan Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa has köp peýdalanýar.

Aslyýetinde onuň döwlet üçin ähmiýetli hyzmatynyň ýokdugy, diňe Arkadagyň gyzy bolany üçin peýdalanýandygy nägilelik döredýär. Ýatlatsak, ol işe girişende meýletinlik esasynda başlapdy" diýip, Mätiýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Garaşsyz derňewi çap eden žurnalistler "Türkmenistan" howa ýollarynyň "EZ-A006" belgili "Boeing 737-700" kysymly ýolagçy uçarynyň 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatdan ABŞ-a baryp gaýdansoň, kaşaň özgerdilip, Berdimuhamedow maşgalasy tarapyndan ulanylýan VIP flotuna bäşinji edilip goşulandygyny anykladylar.

Derňewde uçaryň kaşaň özgerişler, ýurdy dolandyrýan maşgalanyň syýahatlaryna degişli maglumatlar we ulagyň uçuş taryhy gözden geçirildi.

Mätiýew derňewiň uçary özgertmek üçin 40 million dollara golaý çykdajy edilmeginiň anyklanandygyny belledi. Žurnalist Atabaýewanyň mätäç çagalara ýardam bermek boýunça haýyr-sahawat fonduna ýolbaşçylyk edýändigini ýatlatmak bilen, uçara sarp edilen pula ähli çagalara hakyky kömek edip, hususan-da olary daşary ýurtlara äkidip, ösen medisina hyzmatlary bilen döwletiň hasabyna bejerip boljakdygyny nygtady. "Maşgala öz saglygyny Germaniýada bejerýär, diýmek olar öz saglygy saklaýyş ulgamyna ynanmaýar" diýip, Mätiýew sözüniň üstüne goşdy.

"Oguljahan Atabaýewa kim, kaşaň uçara eýe bolar ýaly? Näme üçin ony haly düşäp, bägül desseleri bilen, ulag kerweni bilen garşy alýarlar? Ol döwlet üçin näme etdi? Gynansak-da, şeýle sowallara jogap ýok. Şonuň üçin biz öz derňewimiz bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň wideomyzy görensoň, pikir edip başlamagyny isleýäris" diýip, Ruslan Mätiýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Garaşsyz mediada prezidentiň aýal dogany Oguljahan Atabaýewa üçin ýörite taýýarlanan VIP uçar baradaky maglumat türkmen jemgyýetinde uly nägilelikli we tankydy pikir alyşmalara getirdi.

Ýerli ýaşaýjylar, şol sanda ýurduň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar, şeýle hem zähmet migrantlary we olaryň ýakynlary birinji maşgalany ýurtdaky hakyky durmuşdan aýrybaşgalykda bolmakda aýyplap, ýurtda emele gelen syýasy-ykdysady doňaklygyň gelejegini uly sorag astyna alýarlar.

"Her gün ýüzlerçe raýatlar nobata durýarlar, ýöne tanyş-biliş ýa araçy tapmadyklara hiç hili ne ýurt içine, ne-de sanlyja halkara reýslere bilet tapdyranok.Oguljahan Atabaýewa şa gyzy ýaly kaşaň şahsy uçarda gezip ýörkä, adaty raýatlar orta ýolda sergezdan" diýip, aeroport işgäri aýtdy we ýurtda emele gelen ýiti bilet gytçylygynda gönüden-göni ýurt ýolbaşçylarynyň syýasy emelsizliginiň we biparhlygynyň ýatandygyny belledi.

"Bilet we reýs meseleleri prezident Berdimuhamedowyň ýa onuň kakasy Gurbangulynyň dilinde, bir söz bilen bitip duran mesele ahyryn. Ýöne şunça wagtlap şu meseläni görmezligiň aňyrsynda ýa uly biparhlyk ýa-da syýasy emelsizlik ýatyr" diýip, ol aýtdy.

Sebitlerdäki çeşmeleriň ençemesi ýurt içindäki, has hem çetki etraplaryň we obalaryň merkez bilen ulag gatnawlarynyň gitdigiçe pese gaçýandygyny belleýärler.

"Kerkide aeroport gurlup, ulanylmaga berildi, ýöne näme üçindir günde diňe bir gezek, ol hem diňe Aşgabada reýs bar.Türkmenbaşy, Daşoguz, Balkanabat ýaly has uzakdaky şäherlere hiç hili uçar gatnawy ýok. Şeýle hem aeroport bilen Kerki şäheriniň, şeýle hem syýahatçylyk merkezi bolan Köýtendag etraby bilen hiç hili awtobus ýa şäherara otly gatnawy ýok.

Aeroporta gelmek we ondan gitmek ilat üçin uly mesele.Oguljahanyň kaşaň uçary ilatda diňe gahar-gazaby artdyrdy" diýip, awiasiýa işgäri gürrüň berdi.

Marynyň awiakassasynyň öňünde uly nobata duran raýatlaryň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, Oguljahan Atabaýewanyň kaşaň uçary baradaky habar uly nägilelik bilen kabul edilipdir.

"Eýýäm iki aýdan bäri Aşgabat-Kazan uçaryna bilet alyp bilmän, gatnap ýörün, iki aýyň içinde özüm ýaly 3-4 sany migrant oglanlar bilen tanyşdym, olardan başga-da aeroportda günde-günaşa bilet gözläp, halys ýadan ençeme gelin-gyzlary hem görýärin.

Oguljahan şa gyzy ýaly gezip ýör öz kaşaň uçarynda, adaty türkmene dagy Kazana bilet tapdyranok, muňa ajap Arkadagly Türkmenistan diýerler" diýip, etrap ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Habarçymyza görä, uçar biletlerini satyn almak üçin nobatda duran raýatlar bilet kynçylyklary bilen bagly nägileliklerini aç-açan aeroport administrasiýasyna bildirende prezidentiň aýal doganyny agzap geçýärler.

"Hyryn-dykyn nobatlarda ýadan, gahar-gazaba münen raýatlar kassaň we aeroportuň ýolbaşçylaryna aç-açan 'Oguljahana VIP uçar tapylýar-da, biz halka birnäçe aýlap bilet tapdyrmazmy?' diýýärler. Men hem hut şu soragy berdim. Ýöne administrasiýa 'adamlar, muny Arkadagdan baryp soraň, bize bilet berilmese, size nädip tapaly' äheňde jogap berýär" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Aşgabadyň halkara aeroportundaky çeşmeler hem ýiti bilet ýetmezçiliginde, içerki we halkara reýsleriň örän seýrekliginde ilkinji nobatda birinji maşgala ýakyn emeldarlaryň korrupsiýasynyň sebäp bolýandygyny belleýärler.

Oguljahan Atabaýewanyň VIP uçary baradaky habar ilat arasynda adalata, deňlige we kanuna bolan talaplary has güýçlendirdi.

"Raýatlar birinji maşgalanyň düýbünden halkdan üzňeligini aç-açan aýdýarlar. Şeýle hem, pikirini paýlaşan adamlaryň köpüsi 'ilki-ilkiler Oguljahan Atabaýewa nähilem bolsa ynam ýa-da umyt gözi bilen' sereden bolsalar, soňky habarlardan soň 'gahar-gazap we kakasyndan uzaga gitmejekdigini' belleýän teswirleri edýärler, bu hem režim üçin uly signal" diýip, ýerli synçy belleýär.

Halk Maslahatynyň başlygy we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda döwlet başyndan çekilýändigini yglan edip, "ýaşlara ýol bermek isleýändigini" aýtdy. Onuň ogly Serdar Berdimuhamedow şol ýyl ýurduň prezidenti boldy, 2025-nji ýylyň başyndan bäri gyzy Oguljahan Atabaýewa birden syýasy sahna çykdy we ýygy-ýygydan kakasynyň ýanynda peýda bolup başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ilat köpçüligi garyp ýurduň puly öz uçaryna sarp etmegi pikir alyşma döretdi
Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi
Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň täze agzalary jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellendi
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy
Synçy: Uly Berdimuhamedow oglunyň häkimiýetini berkitmek üçin gyzyny syýasy meýdana çykarýar
Prezidentiň aýal doganynyň propagandasynyň ýaýbaňlanmagy ilat arasynda dürli pikir alyşmalary döretdi