Türkmenistanyň 3×3 basketbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň esasy tapgyryna çykyp bilmedi

Türkmenistanyň 3×3 basketbol ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň esasy tapgyryna çykyp bilmedi

Türkmenistanyň 3×3 basketbol boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän Aziýanyň kubogy ― 2023-iň esasy tapgyryna çykyp bilmedi.

Türkmen ýygyndysy saýlama tapgyryň B toparçasynyň ahyrky duşuşygynda Täze Zelandiýadan 10:21 hasabynda utuldy. Ýygyndy ozalky duşuşyklarynda Tonga Patyşalygyny 19:15 hasabynda ýeňip, Koreýadan 8:15 hasaby bilen utulypdy.

Şeýlelikde, 37 utukly türkmen ýygyndysy toparçada üçünji orny eýeledi. Ýaryşyň final tapgyryna 62 utukly Täze Zelandiýa çykdy.

Ýewgeniý Nazipowdan, Merdan Hojamedowdan, Annaguly Hojagulyýewden we Şalar Hydyrowdan ybarat düzüme Toýly Baýryýew tälim berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň käbir ýurtlary 2025-nji ýyla girmäge başlady
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-de Kongo Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňdi
Tongada suwasty ýanardag atyldy
Dünýä Türkmenleri: 2021-nji ýylyň jemleri
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar
Alym 'türki hökümdarlaryň atasy hasaplanan' Alp Er Tonganyň mazaryny Buharadan tapandygyny aýdýar