Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi

Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi

3-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa bu işe 10-njy iýunda girişerler.

Asylly däbe görä, ýerlerde galla oragyna hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Olar ata Watanymyzyň, ähli türkmen halkynyň rowaçlygy we abadançylygy üçin Beýik Biribardan doga-dileg etdiler. Aksakgal ýaşulular: “Çäjiňe bereket!” diýen sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler.Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Bereketli”, “Goşant”, “Hasylly”, “Sähraýy”, “Rowaç”, “Ýolöten-3”, “Ýolöten-1”, “Juwan”, “Watan”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Ýokumly” ýaly, ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Diýarymyz boýunça 2022-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “Сlaas”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli däne ýygýan kombaýnlaryň 2 müň 64 sanysy işlediler.Gije-gündizleýin esasda işlediljek ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly bellenen möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, satyn alnan ýokary öndürijilikli “John Deere” we “Сlaas” kysymly galla orujy kombaýnlar telematik ulgamlar bilen üpjün edilýär.

Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümleriniň 154-sine, elewatorlara hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 9 müň 800-den gowragy işlediler.Galla oragyna çenli degişli barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlärler.

Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda okuw-önümçilik maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleleriň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda galla oragyna girişildi
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
23.08.2017 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
04.09.2019 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi