Türkmenistanyň 3x3 basketbol ýygyndylary Türkiýede geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar

Türkmenistanyň 3x3 basketbol ýygyndylary Türkiýede geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýarlar

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary şu günler Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýän Euroasia 3*3 Tournament atly halkara ýaryşa gatnaşýarlar.

Duşuşyklaryna şu gün ― 1-nji dekabrda başlanan halkara ýaryş 10-njy dekabrda tamamlanar.

Halkara ýaryşda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň her birine 8 türgen wekilçilik eder. Olara Toýly Baýryýew bilen Timut Timirhanow tälim berýär.

Tälimçilerdir türgenlerden başga-da Türkmenistanyň wekiliýetinde topar ýolbaşçysy bilen halkara derejeli emin hem bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda žurnalist Aşyrguly Baýryýew aradan çykdy
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
“Hojasy bar, belki, guluna degmez”: Häkimiýetler “üç arka” talaplaryny täze derejelere çykarýar
Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy