Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiline ynsan hukuklaryny goraýanlar bilen özara gatnaşyklaryň kadalary barada gürrüň berdiler

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiline ynsan hukuklaryny goraýanlar bilen özara gatnaşyklaryň kadalary barada gürrüň berdiler

11-12-nji noýabrda Aşgabatda adam hukuklary boýunça milli guramalaryň ynsan hukuklaryny goraýan edaralar, aklawjylar birleşikleri we halkara adam hukuklary guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň halkara tejribesi we kadalary”atly onlaýn ýygnak geçirildi.

Ony Türkmenistanyň Ombudsmen edarasy bilen BMG-niň ösüş maksatnamasy Kanadanyň hökümetiniň hasabyna Türkmenistanyň DIM-niň kömegi bilen gurnadylar diýip halkara guramanyň internet saýtynda habar berilýär.

Bilermen Pýotr Iiskola Ombudsmen edarasynyň Pariž prinsipleri boýunça hukuk goraýjy edaralarynyň we beýleki döwlet toparlarynyň ynsan hukuklary boýunça özara gatnaşyklary boýunça halkara mehanizmleri hödürledi.

“Bu ýygnak hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerini, aklawjylary Ombudsmeniň edarasy bilen hukuk goraýjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda halkara öňdebaryjy tejribeler, şeýlede BMG-niň tussaglara ýüzlenmegiň iň pes kadalary, prokurorlaryň roly babatda görkezmeler hem adalat ulgamlarynda hukuk kömegini almagyň elýeterliligi babatda BMG-niň görkezmeleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat”diýip BMGÖM-niň dolandyryş, ykdysady diwersikasiýa we inklýuziw ösüş boýunça maksatnama hünärmeni Akmyrat Daňatarow aýdýar.The post Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekiline ynsan hukuklaryny goraýanlar bilen özara gatnaşyklaryň kadalary barada gürrüň berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

'Ygtyýarly edaranyň karary bilen'. Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär
Türkmen Ombudsmeniniň nobatdaky hasabaty çap edildi, adam hukuklary babatyndaky milli plan henizem köpçülige görkezilmedi
Türkmen Ombudsmeniniň nobatdaky hasabaty çap edildi, adam hukuklary babatyndaky milli plan henizem köpçülige görkezilmedi
Türkmenistana içalyçylyk etmekde günäkärlenen özbek ýörite gullugynyň öňki işgäriniň hossarlary onuň türmeden boşadylmagyny talap edýärler
Adam hukuklaryny goraýjylar aeroportda galýan türkmen aktiwisti barada rus häkimiýetlerine ýüzlendiler
Aşgabadyň polisiýa 40 ýaşyna ýetmedik zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin resminamalary kabul edip başlady
Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin dokumentleri kabul edip başlady