Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Manamada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Manamada geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş edýärler

Türkmenistanly 8 türgen Manamada (Bahreýn) geçirilýän agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda çykyş edýär. Bu ýaryşa 92 ýurtdan 471 agyr atletikaçy (245 erkek, 226 zenan) gatnaşýar.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna 7 ştangaçy türgen girýär: Bunýad Raşidow (73 kg çenli), Bektimur Reýimow (73 kg çenli), Gaýgysyz Töraýew (81 kg çenli), Resul Rejepow (96 kg çenli), Şahzadbek Matýakubow (102 kg çenli),

Döwranbek Hasanbaýew (102 kg çenli) we Atajan Daiýew (109 kg ýokary). Zenanlar ýygyndysyna bolsa bir türgen 2018-nji ýylyň dünýä çempiony, 45 kg çenli agram derejesindäki Ýulduz Jumabaýewa (59 kg çenli) gatnaşýar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionatyna Antalýada taýýarlyk gördi. Biziň türgenlerimiz bu ýerde esasy tälimçi Mansur Rejepowyň ýolbaşçylygynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy
Panama kanal demir ýolunyň açylmagy
ABŞ-nyň gabawyna garamazdan deňiz gatnawy dowam edýär, 25 gämi Ormuz bogazyndan geçdi
Ýaş inžener 2026 atly bäsleşik geçirildi