Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasy tassyklanyldy

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktorynyň 2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran 166-iş belgili buýrugy bilen Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasy tassyklanyldy.

Düzgünnamanyň binýadynda Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 1739-njy Karary bilen tassyklanan, Türkmen atlary döwlet birleşigi hakynda Düzgünnama ýatyr.

Şol Düzgünnamanyň bäşinji böleginiň 28-nji bendine laýyklykda, ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegi düzgünleşdirmek maksady bilen birleşigiň direktory atçylyk sport toplumlarynda at çapyşyklaryny geçirmegiň Düzgünnamasyny tassyklady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 1996-njy ýylyň 27-nji dekabrynda 107 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktory tarapyndan 1996-njy ýylyň 27-nji dekabrynda tassyklanylan Türkmenistanyň aýlawlarynda ahal-teke we ýomut tohum atlaryny synagdan geçirmegiň Kadalary;

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 2000-nji ýylyň 7-nji aprelinde 236 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmen atlary döwlet birleșiginiň baş direktorynyň 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 63 belgili buýrugy güýjüni ýitiren diýlip hasap edildi.

Düzgünnama bilen şu salgy arkaly doly tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Respublikasy bilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
TÜRKMENISTAN JENAÝATÇYLYGYŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY WE JENAÝAT ADALATLYLYGY BOÝUNÇA BMG-NIŇ 14-NJI KONGRESINE GATNAŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasaryny belledi
Resmi habarlar
05.11.2019 | Resmi habarlar
27.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary