Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda tegelek stol duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň we Azerbaýjan Milli Ylymlar Akademiýasynyň wekiliniň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda giňden bellenilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de onuň halkara parahatçylygyny, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar degişli Kararnamalar arkaly Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň netijeli guraly bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle hem 2026-njy ýylyň Türkmenistanda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurduň taryhy mirasyna we milli gymmatlyklaryna, parahatçylykly we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýändigi bellenildi.

Döwletliligiň nyşany hökmünde türkmen atynyň aýratyn orny, däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň dowamlylygy nygtaldy.Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürlen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy halkara gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm goşant hökmünde bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen-azerbaýjan parlamentara we ylmy-ekspert hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Çiba uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Buharestde Türkmenistanyň şanly senelerine we wakalaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Wena şäherinde 2026-njy ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany şygary tanyşdyryldy
Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi
Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýärler
Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi