Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda D toparynda Taýlandyň, Hytaý Taýbeýiniň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bilen oýnar.

Saýlama tapgyrynyň bije çekişligi şu gün Kuala-Lumpurda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň baş edarasynda geçirildi. Onuň jemleri boýunça her birinde dört topar bolan alty sany topar döredildi. Her toparda her biri üçüsi öýde, üçüsi-de myhmançylykda jemi alty oýun geçiriler.

2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň final tapgyryna diňe alty toparyň ýeňijileri çykar. Bu yklym ýaryşy Saud Arabystanynda geçiriler.

Aziýa-2027 Kubogynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň netijeleri:

Topar A: Täjigistan, Filippinler, Maldiwler, Gündogar Timor Topar B: Liwan, Ýemen, Butan, Bruneý Topar C: Hindistan, Gonkong (HHR), Singapur, Bangladeş Topar D: Taýland, Türkmenistan, Hytaý Taýbeyi, Şri-Lanka Topar E: Siriýa, Owganystan, Mýanma, Pakistan Topar F: Wýetnam, Malaýziýa, Nepal, Laos

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň täze Hökümdary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder