TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY

TÜRKMENISTANYŇ BAŞ ARÇASYNYŇ ÇYRALARY ÝAKYLDY

Şu gün — 15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň çyralarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Her ýylky däbe görä, bu ýyl hem Baş arça Älem medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirildi.

Şu gezekki Baş arçanyň beýikligi 44 metr bolup, diamteri 16 metre deňdir. Ol demir sütünlerden ybarat bolup, oňa Sibirden getirilen tebigy arça şahalary birikdirildi. Arçanyň çür depesinde bolsa, Täze ýyly alamatlandyrýan ýyl ýazgysy ýerleşdirildi. Mundan başga-da, arçada türkmen senenamasyna görä, geljek ýylyň nyşany bolan balygyň şekili ýerleşdirilipdir.

Her ýyl adat bolşy ýaly, Aýazbaba we Garpamyk uzak illerden gelip, Älem medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşdirilen Baş arçanyň çyralaryny ýakýarlar.

Bu gün bolsa, Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň tolkuny Baş arçamyzyň baýramçylyk yşyklary bolup şöhle saçdy. Ondan soň welaýatlarymyzyň merkezlerinde ýerleşdirilen arçalaryň yşyklary ýakyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Aşgabatda ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy