Türkmenistanyň baş diplomaty Lýuksemburgda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň baş diplomaty Lýuksemburgda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni Lýuksemburgda geçirilen “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” atly ministrleriň 19-njy duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Ýewropa Geňeşiniň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda bellenilşi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borreliň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri, şeýle hem ÝB-a agza döwletleriň 27-siniň daşary işler ministrleri ilkinji gezek gatnaşdylar. Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissar Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Geňeşine wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri özüniň çykyşynda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramagyň ähmiýetini nygtap, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça başlangyja, şol sanda üstaşyr baglanyşyklaryň berkidilmegi, hususy pudagyň ösdürilmegi we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy ýaly meselelere aýratyn ünsi çekdi diýip, Türrkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda täze ulag aragatnaşygyny emele getirmegiň wajyplygy nygtaldy.Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly Ýewropa gaz eksportyny giňeltmäge hem-de ekologiki taýdan arassa we gaýtadan dikeldilýän energiýa pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe sürlen durnukly ulag we energiýa çeşmeleriniň hereketi baradaky iki sany Kararnamalaryny goldamaga çagyrdy.

Türkmenistanyň daşary ministri şeýle hem ýurduň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly döreýän üýtgeşmeleriň täsirini azaltmak boýunça işlere ygrarlydygyny tassyklady hem-de bilimiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy hökmünde wajyp ornuny nygtady. Sözüniň ahyrynda ministr saglygy goraýyş we sanly ykdysadyýet ýaly dürli pudaklarda özara gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň indiki duşuşygyny geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýewropa Bilelelşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ministrleriniň duşuşygynyň çäginde özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan meýiller tassyklanyldy we aragatnaşyk, ykdysadyýet, söwda, daşky gurşawy, howany we suw serişdelerini aýawly saklamak, bilim-ylym hem-de innowasiýalar pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Ministrler şu ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen duşuşykda teklip edilen Hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýol kartasyny kabul etdiler.

Şeýle hem, geljek ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýussel şäherinde “Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa” maýa goýum forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ulag gatnaşyklaryny berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen bu çäre 2023-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan durnukly ulag aragatnaşygy boýunça geçirilen barlaglara esaslanyp guralar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň saparynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň halkara we Ýewropa işleri boýunça ministri Aleksandr Şallenberg, Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobeska, şeýle hem Kipr Respublikasynyň daşary işler ministri Konstantin Kombos bilen duşuşyklar geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Lýuksemburgdaky we Belgiýadaky kärdeşleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” duşuşygynda çykyş etdi
Awstriýanyň işewür wekiliýeti dekabrda sapar bilen Türkmenistana geler
Dünýäde iň bagtly ýurt belli boldy