Türkmenistanyň Baş diplomaty Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Baş diplomaty Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i şenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar.

Söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda “C5+1” platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
WAŞINGTONDA TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistan we ABŞ energiýa hem-de howpsuzlyk meselelerini maslahat etdiler
ABŞ Türkmenistanyň Trans-Hazar arkaly gaz eksport ugruny üýtgetmek islegini goldady
Kuba: ​​"ABŞ-nyň mümkin bolan harby hüjümine taýýarlyk görýäris” diýdi
Tramp wezipelere belledi