TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN KABUL EDILEN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA HUKUGYNYŇ ÝYLY, 2028-NJI ÝYL ATLY KARARNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÝOLUNDA

TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN KABUL EDILEN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA HUKUGYNYŇ ÝYLY, 2028-NJI ÝYL ATLY KARARNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÝOLUNDA

2026-njy ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň alymlary, mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisindäki çykyşynda 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Şu ýylyň 24-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnamanyň konsensus esasynda kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm gazananlarynyň biri boldy. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi.

Maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow kabul edilen Kararnamanyň halkara ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtap, onda beýan edilen düzgünleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň işjeň amala aşyrylmagyna çagyrdy.

Bu çäreler öňki gün geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenip, döwlet Baştutany tarapyndan makullanyldy.

Şeýlelikde, degişli Kararnamany durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna badalga berilýär. Şeýle çäreleriň hatarynda 20262028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň hem-de Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy atly Milli konsepsiýanyň taslamalaryny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Maslahatda bellenilişi ýaly, bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň döwletlilik, adalatlylyk we hukugyň hökmürowanlygy ýörelgelerine berk ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk, parahatçylykly bile ýaşaýyş we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede ýokary abraýa eýe bolandygyny nygtadylar. Esasy halkara-hukuk namalarynyň gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek işine saldamly goşant goşmagyny dowam etdirýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyna BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 80-NJI SESSIÝASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASY BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANDA 2022-NJI ÝYLYŇ HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY DIÝIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI
TÜRKMENISTANYŇ ŽENEWADAKY HEMIŞELIK WEKILHANASY 2022-NJI ÝYLDA ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNDA ILERI TUTÝAN UGURLARYNA BAGYŞLAP BRIFING GEÇIRDI
“TÜRKMENISTANY TEMMÄKIDEN AZAT ÝURDA ÖWÜRMEK BOÝUNÇA 2022-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MAKSATNAMASYNYŇ” KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI