Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara hukugynyň ýyly, 2028 atly Kararnamany kabul etdi

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara hukugynyň ýyly, 2028 atly Kararnamany kabul etdi

2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwlet çykyş etdi, bu bolsa başlangyjyň giň halkara goldawyna eýedigini görkezýär.Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukugyna hormaty pugtalandyrmagyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, şeýle hem netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Agzalan Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde konstruktiw köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara hukugynyň ýyly, 2028 atly Kararnamany kabul etdi
Türkmenistanyň Esasy Kanunynda parahatçylyk medeniýeti
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY TAMAMLANDY
Hakan Fidan Hamasyň Syýasy Toparynyň Agzasy Haýýe Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Lebabyň hassahanalarynda kislorod balonlary ýetmezçilik edýär