Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän “Güneşe baý, bereketli topragym” atly baýramçylyk sergisi

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hasyl toýuna bagyşlanyp geçirilýän “Güneşe baý, bereketli topragym” atly baýramçylyk sergisi

Toýdur baýramlary bir-birine ulaşýan Diýarymyzda bu gün babadaýhanyň alyn deriniň, arly ýylky çeken zähmediniň miwesi bolan, bereketli hasylyň toýy toýlanýar.Bu baýramçylyk dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy.

Babadaýhanyň zähmediniň toýy bolup durmuşa ornaşan bu dabaranyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem “Güneşe baý, bereketli topragym” atly sergi gurnaldy.Sergide suratkeşleriň daýhanlar, olaryň ýetişdiren hasyllary, nazy-nygmatlary baradaky zähmeti wasp edýän ajaýyp eserleri sergilendi.

Sergide tomaşaçylar Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň “Pagtaçylara ylmy kömek”, Ýewgeniýa Adamowanyň “Gülleýiş”, “Işden soň”, Annadurdy Almämmedowyň “Pagta ýygymçylar”, “Baýramçylyga”, Hally Annaçaryýewiň “Gök gämileriň kapitanlary”, Meretdurdy Annagulyýewiň “Oba zähmetkeşlerinde myhmançylykda”, Rejepmuhammet Berdiýewiň “Türkmenistan”, Annadurdy Myradalyýewiň “Ak bugdaý”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Nikolaý Çerwýakowyň “Ekin ýerleri”, Tamara Kiselýowanyň ”Ene toprak”, Hezret Rejepowyň “Pagtaçylar” we başga-da birnäçe eserler toplumy sergilendi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli sergi geçirildi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli gurnalan Enä tagzymmukaddeslige tagzym“ atly baýramçylyk sergisi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary