Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 52 geleşik baglaşyldy

Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 52 geleşik baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 782 müň 850 dollaryna deň bolan 52 sany geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Polşadan, Owganystandan, Türkiýeden, BAE-den, Gyrgyz Respublikasyndan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, arassalanan dizel ýangyjyny we polietilen önümlerini satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler umumy bahasy 30 mln 215 müň manatlyk ýod erginini we nah ýüplügini satyn aldylar. Ýerli telekçiler içerki bazar üçin umumy bahasy 75 mln manatlyk binýatlyk ýag (TNGIZT), ýokary dykyzlykdaky polietilen (Türkmenhimiýa DK), tehniki kükürt (Türkmengaz DK) we el halylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
DKTR-da Bolan Ýol Heläkçiliginde 1 Esger Şehit Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gündogar Gara deňizden ýylyň ilkinji 7 aýynda 25 ýurda deňiz önümleri eksport edildi
Şu gün 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy