TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Gepleşigiň başynda S.Žbogar Sloweniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde 2024-2025-nji ýyllar üçin öz dalaşgärligini öňe sürendigini aýtdy we 2023-nji ýylyň iýunynda geçiriljek bu saýlawda goldaw bermegi haýyş etdi.

Ilçi A.Ataýewa saglygy goraýyş, telekommunikasiýalar we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barada belledi.

Hemişelik wekil Türkmenistanyň BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynda 2023-nji ýyly Halkara “Dialog parahatçylygyň kepili” atly ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň taslamasyny öňe sürmegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy we Sloweniýanyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI SLOWENIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE HEM-DE MERKEZI AZIÝA RUSSIÝA FORMATYNDAKY DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin Pekinde Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow bilen duşuşdy