Türkmenistanyň boks ýygyndysy bütindünýä reýtinginde 71-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň boks ýygyndysy bütindünýä reýtinginde 71-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy dünýä reýtinginiň 71-nji basgançagyndan orun aldy. Halkara Boks assosiasiýasy tarapyndan düzülýän reýting şu ýylyň başynda ýene bir gezek täzelendi. Ol 135 döwletiň milli ýygyndysyny öz içine alýar.

Täzelenen reýtingde türkmen ýygyndysyna tegelek 3 müň utugyň berlendigi görünýär. Reýting-sanawy agram derejeleriniň 17-si boýunça türgenleriň görkezijilerini bellige almak bilen taýýarlanýar.

Halkara Boks assosiasiýasynyň resmi web-saýtynda görkezilişi ýaly, türkmen toparynyň netijesine Saparmyrat Ödäýew, Şükür Öwezow, Baýramdurdy Nurmuhammedow, Döwlet Muhanow, Hursant Imankulyýew, Muhammetmyrat Sähedow, Nurýagdy Nurýagdyýew, Taganmyrat Gurbanow hem-de Yhlas Gylyçjanow ýaly ussatlar şärik boldular.

Sanawyň başynda Gazagystan ýerleşdi. Ikinji orny Özbegistan, reýtingiň üçünji basgançagyny bolsa Hindistan özünde saklaýar.

Öňde türkmenistanly boksçulara reýtinglerini gowulandyrmaga mümkinçilik berjek möhüm ýaryşlar garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Bu gün ýene üç türkmen boksçysy ringe çykar
Baýramdurdy Nurmuhammedow dünýä çempionatyny ýeňiş bilen başlady
Geljekki olimpiaçylaryň üstünlikleri we mümkinçilikleri
14.08.2017 | Geljekki olimpiaçylaryň üstünlikleri we mümkinçilikleri
Bu gün iki türkmen boksçysy ringe çykar