Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

26-njy aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň degişli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan Hökümet toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň hökümeti bilen BSG-niň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Hökümet komissiýasynyň 2023-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijelerini gözden geçirdiler we 2024-nji ýyl üçin gün tertibini kesgitlediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň synçy derejesini alandygyny, 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-niň Ženewada geçirilen Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň BSG-niň doly agzasy bolmak üçin ýüz tutmagynyň netijesinde Türkmenistana BSG-na goşulyşýan döwlet (“işjeň synçy”) derejesini bermek hakynda karara gelinendigini nazara alyp, geljekki hyzmatdaşlyga degişli birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BSG-niň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir hem-de teklip alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
BSG Türkmenistanyň gurama goşulmak boýunça taýýarlyk işine ýokary baha berdi
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Gebreýesus Gazada Öýlerinden Jyda Düşenleriň 90 Göteriminiň Çadyrlarda Ýaşaýandygyny Aýtdy
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisinde çykyş etdi