TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ LLDC ÝURTLARY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN DUŞUŞYGY BARADA

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ LLDC ÝURTLARY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN DUŞUŞYGY BARADA

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rarab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan BMG-niň Ýokary wekiline mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň Dostlar toparynyň bilelikdäki başlygy hökmünde bu döwletler toparynyň bähbitlerini ilerletmäge, olaryň halkara goldawyny pugtalandyrmaga hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini giňeltmäge mundan beýläk hem işjeň ýardam etjekdigi bellenildi.

Taraplar 20242034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegine LLDC kategoriýasyna degişli ýurtlaryň bähbitlerini ilerletmekde, şeýle hem durnukly ösüş maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr hökmünde aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar bu resminamalary durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar LLDC ýurtlarynyň bähbitleri üçin daşky gurşawy goramak gün tertibi, durnukly energetika, suw diplomatiýasy, sanlylaşdyrma we aýlawly ykdysadyýete geçiş ýaly esasy ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri UNOHRLLS bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ SYÝASY MESELELER WE PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK BOÝUNÇA ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň LLDC ýurtlary boýunça Ýokary wekili bilen duşuşygy barada
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
WAŞINGTONDA TÜRKMENISTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylyk döredijilik boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler