2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň ähmiýetini bellediler.
Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem Türkmenistan BMG Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi.
Taraplar Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 20242034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
