2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan Petronas kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýandygy nygtaldy.
Diplomatlar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini tassykladylar.Türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde Petronas Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şeýle hem, türkmen hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýarlar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meselelere seretdiler.
