Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Nýu-Ýorka sapary başlandy

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçiriljek BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary başlandy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Çäräniň we saparyň çäklerinde meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny saklamak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda BMG-niň ornuny berkitmek bilen baglanyşykly halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY BAŞLANDY
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Raşid Meredow: Türkmenistan Hytaý bilen iri taslamalarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Delsi Rodriges Maduronyň tussag edilmeginden soň ABŞ-na hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
Ispaniýa bilen birlikde 5 Latyn Amerika ýurdy, ABŞ-nyň Wenesuela guran hüjümine garşylyk görkezdi