Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Koreýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi.

Bu çäre dostlukly ýurtda bilim alýan ýaşlarymyzyň durmuşy we okuwy bilen gyzyklanmaga hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler barada gürrüň bermäge bagyşlandy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm syýasy wakalaryň netijeleri barada giňişleýin maglumat berildi.Aýratyn-da, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi. Çärede Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä göterilýändigi barada aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” Sammiti we hormatly Prezidentimiziň bu ýurda meýilleşdirilýän sapary baradaky maglumat talyplaryň dykgatyna ýetirildi.

Bu ýokary derejeli duşuşygyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigi bellenildi.Duşuşykda döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigi, olaryň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriň orunbasary talyplaryň okuw ýetişigi we ýaşaýyş şertleri bilen gyzyklandy we olary gyzyklandyrýan meseleler boýunça özara sorag-jogap alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Pariž şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni-sazly agşam geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Ak şäherim Aşgabat 2026: binagärlik, innowasiýa we durnukly ösüş
Türkmenistan Big 5 Global 2025 sergisinde özüniň strategik garaýyşlaryny beýan edýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy