Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim babatda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri yzygiderli dowam etdirmek we syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi hem-de şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.Daşary işler ministrligine Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara gatnaşyklary institutynyň 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap taýýarlygyň Parahatçylyk we bitaraplyk ugry boýunça magistr okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglere laýyklykda bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga bermek, şeýle hem Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Ýurdumyzda dessançy bagşylaryň festiwaly geçirilýär
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Watan goragçylarynyň waspy
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar